Dostlukly hyzmatdaşlyk pugtalanýar

22 Iýun 2022
647

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda halkara hyzmatdaşlygy, netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda uly tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi sapary munuň şeýledigini doly tassyklaýar. Saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda gazanylan ylalaşyklar gol çekilen döwletara, hökümetara we pudagara resminamalarda öz beýanyny tapdy.

Eýran Yslam Respublikasy döwletimiziň öňden gelýän iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda oňyn gatnaşyklar giňden ösdürilýär. Şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.

Aýna ÝOMUTBAÝEWA,
Boldumsaz etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.