Öňňin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi.
«CNPC-niň» ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hytaýly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.