Gatnaşyklaryň dostluk belentligi

20 Iýun 2022
656

Türkmen halkynda «Arkalaşan dag aşar» diýen pähim bar. Bu jümläniň näderejede dogrudygyny arkalaşyp, bir maksat ugrunda bileleşip ýetip bolmajak menziliň ýokdugyny bolsa ençeme asyrlar subut edip gelýär. Şonuň üçin hem bu pähim häli-häzire çenli öz gadyr-gymmatyny ýitirmändir. «Goňşy ― iň ýakyn aralykdaky il» diýen pähimde bolsa il-gün bilen arkalaşyp ýaşamagy ilki goňşyňdan başlamalydygy baradaky hakykat ýüze çykýar. Hut şu nukdaýnazardan seretsek, hormatly Prezidentimiziň doganlyk we goňşy döwlet bolan Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmaga hyzmat etjek ýokary derejeli gepleşikleriň geçirilmegi, resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi ymgyr mana eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň 14-15-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi sapary sözüň doly manysynda hoşniýetli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek, özara bähbitli hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda has-da ösdürmek babatda möhüm ädim boldy. Munuň şeýledigini geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklar, gol çekilen resminamalar hem doly tassyklaýar. Gol çekilen resminamalar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tas ähli ugurlaryny diýen ýaly öz içine alýar. Energetika pudagy, ulag-üstaşyr geçelgeler, medeniýet we ylym-bilim ulgamy, söwda-ykdysady gatnaşyklar babatda gazanylan ylalaşyklaryň geljekde iki döwletiň hem ykdysady kuwwatynyň artmagyna, doganlyk halklaryň abadan durmuşyny berkarar etmäge hyzmat etjekdigi ikuçsuzdyr.

Mähriban GANDYMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.