Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilmegine, abraýly halkara guramalar, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen oňyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ylym-bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlyk arkaly sazlaşykly kämilleşmegine aýratyn üns berýär.
Hormatly Prezidentimiziň, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşandy üçin, Russiýa Federasiýasynyň «Dostluk» ordeni bilen sylaglanmagy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň uludygyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bu abraýly sylagy Arkadagly Serdarymyzyň döwletara gatnaşyklarda, halklaryň arasynda abadançylygy, jebisligi pugtalandyrmakda alyp barýan adyl syýasatynyň dünýäde doly ykrar edilýändigini görkezýär.