Türkmenistan — Eýran: şygyrlar çemeni

13 Iýun 2022
642

Köňül kelamy

Geçmişi müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan halkymyzyň şöhratly taryhy bar. Öz taryhynda ençeme döwletleri gurup, şöhratlanan türkmen halky dünýäniň çar ýanyna ýaýramak bilen, dürli ýerlerde mesgen tutup, baý medeni gymmatlyklary döredipdir. Muňa türkmenleriň dünýäniň ençeme ýurtlarynda ýaşaýandyklary, döredijilik we beýleki dürli ugurlar bilen meşgullanyp, türkmen diýen belent ady dünýä ýaýýandyklary hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle ýurtlaryň biri hem goňşy Eýran döwleti, ýagny Eýran Yslam Respublikasydyr.