Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama

13 Iýun 2022
563

Mundan beýläk Taraplar diýlip atlandyrylýan Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky 2002-nji ýylyň 23-nji aprelindäki Şertnamada we Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabryndaky Şertnamada esaslary goýlan türkmen-rus gatnaşyklarynyň binýatlyk ýörelgelerini goldanyp, soňky ýyllarda taraplara strategik hyzmatdaşlygy düýpli pugtalandyrmagyň başardandygyny nygtap, köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklara uzak möhletleýin häsiýet bermäge, bu gatnaşyklary dünýä ykdysadyýetindäki häzirki şertleri we meýilleri nazara alyp, syýasy, ykdysady, söwda, maýa goýum, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hem-de geljegi uly bolan beýleki ugurlarda has işjeň ösdürmäge çalşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň iki döwletiň gülläp ösmegine, şeýle-de sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam etjekdigine ynanyp, şu aşakdakylar barada beýan edýärler:

Taraplar şunuň bilen öz arasynda çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny yglan edýärler, bu hyzmatdaşlyk dürli ugurly we köptaraply gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmagy hem-de ikitaraplaýyn derejede we halkara giňişlikde çuňlaşdyrylan hyzmatdaşlyk üçin olara aýratyn ysnyşykly, depginli häsiýeti bermegi göz öňünde tutýarlar.