Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýy artýar

13 Iýun 2022
497

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz halkara giňişliginde täze üstünliklere eýe bolýar. Şu ýylyň 25-nji martynda geçirilen ýurdumyzyň Hökümetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanylandygyny habar beripdi. Ýurdumyzyň BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy möhüm ähmiýetli wakadyr. Dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny barha giňeldýän hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraý-mertebesi has-da beýgelýär. Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasynyň Geňeşe agza döwletler tarapyndan biragyzdan makullanmagy-da buýsandyryjydyr.

Ýakynda, ýagny 2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul edipdi.

Orazjemal Nurmyradowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetniň halkara täjirçilik hünäriniň 3-nji ýyl talyby.