TÜRKMENISTAN — AZERBAÝJAN: diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli teleköpri

13 Iýun 2022
599

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Azerbaýjanyň ADA uniwersitetiniň arasynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli teleköpri geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministrlikleriniň, ady agzalan ýokary okuw mekdepleriň wekilleri, Merkezi Aziýa döwletleriniň Azerbaýjandaky ilçileri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Teleköprini Azerbaýjanyň ADA uniwersitetiniň wekili A.Hajyýewa gutlag sözi bilen açdy. Onuň başynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Işangulyýew, Azerbaýjan tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi G.Zeýlanow, Azerbaýjanyň ADA uniwersitetiniň prorektory F.Ismailzade çykyş edip, iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň saparlary, döwletleriň syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer we söwda-ykdysady ugurlardaky gatnaşyklarynyň günsaýyn ösdürilýändigini, aýratyn hem geçen ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministrleri tarapyndan Hazar deňzindäki «Dostluk» uglewodorod ýatagy boýunça Ähtnamanyň baglaşylmagynyň oňyn ähmiýeti barada belläp geçdiler.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.