«7/24.tm», № 24 (107), 13.06.2022
Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de dostlukly döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bolup durýar. Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda hem giň gerimli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.