Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak ha­kyn­da JAR­NA­MA

12 Iýun 2022
746

Mun­dan beý­läk Ta­rap­lar diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan Türk­me­nis­tan we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy Dost­luk we hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da­ky 2002-nji ýy­lyň 23-nji ap­re­lin­dä­ki Şert­na­ma­da we Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da 2017-nji ýy­lyň 2-nji okt­ýab­ryn­da­ky Şert­na­ma­da esas­la­ry goý­lan türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry­nyň bin­ýat­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni gol­da­nyp, soň­ky ýyl­lar­da ta­rap­la­ra stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy düýp­li pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ba­şar­dan­dy­gy­ny nyg­tap, kö­pu­gur­ly iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ra uzak möh­let­le­ýin hä­si­ýet ber­mä­ge, bu gat­na­şyk­la­ry dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­dä­ki hä­zir­ki şert­le­ri we me­ýil­le­ri na­za­ra alyp, sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, söw­da, ma­ýa go­ýum, yl­my-teh­ni­ki, me­de­ni-yn­san­per­wer hem-de gel­je­gi uly bo­lan beý­le­ki ugur­lar­da has iş­jeň ös­dür­mä­ge çal­şyp, iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň we çuň­laş­dyr­ma­gyň iki döw­le­tiň gül­läp ös­me­gi­ne, şeý­le-de se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy ber­kit­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi­ne yna­nyp, şu aşak­da­ky­lar ba­ra­da be­ýan ed­ýär­ler:

Ta­rap­lar şu­nuň bi­len öz ara­syn­da çuň­laş­dy­ry­lan stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­la goý­lan­dy­gy­ny yg­lan ed­ýär­ler, bu hyz­mat­daş­lyk dür­li ugur­ly we köp­ta­rap­ly gat­na­şyk­la­ry has ýo­ka­ry de­re­jä çy­kar­ma­gy hem-de iki­ta­rap­la­ýyn de­re­je­de we hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de çuň­laş­dy­ry­lan hyz­mat­daş­lyk üçin ola­ra aý­ra­tyn ys­ny­şyk­ly, dep­gin­li hä­si­ýe­ti ber­me­gi göz öňün­de tut­ýar­lar.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti S.G.BERDIMUHAMEDOW. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti W.W.PU­TIN.
Mosk­wa şä­he­ri, 2022-nji ýy­lyň 10-njy iýu­ny.