Ýaşlar parlamentara forumy ýaş parlamentarileri özara gyzyklanma bildirýän köp meseleler boýunça bilelikdäki başlangyçlary işläp taýýarlamaga işjeň çekýär

10 Iýun 2022
628

9-njy iýunda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde «Ýaş parlamentariler — Arkalaşygyň geljegine garaýyş» atly şygar astynda geçdi.

Bu çäre iki şanly senä — GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygyna hem-de onuň çäklerindäki Ýaşlar parlamentara assambleýasynyň 10 ýyllygyna bagyşlandy. Forum GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň wekillerini, ýaşlar parlamentara assambleýasynyň agzalaryny, ýaşlar jemgyýetçilik düzümleriniň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Şoňa görä-de, şu gezekki forumyň gün tertibine ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri girizildi, häzirki döwrüň wehimleri hem-de ýaşlaryň jemgyýetçilik diplomatiýasynyň eýeleýän orny, GDA giňişliginde ýaşlaryň parlament düzümleriniň tejribesi, olary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çärä Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy ýurdumyzyň ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin sazlaşykly, toplumlaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda işjeň we täze başlangyçlar bilen çykyş edýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

"Nesil".