Türkmenistanyň Prezidenti Tretýakow galereýasyna baryp gördi

10 Iýun 2022
1038

Şu gün Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Moskwanyň çeperçilik muzeýine — Döwlet Tretýakow galereýasyna baryp gördi. Belent mertebeli türkmen myhmany bu ýerde ýerleşdirilen meşhur rus suratkeşleriniň ajaýyp eserleri bilen tanyşdyryldy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň dostlukly ýurda saparynyň medeni maksatnamasyna aýratyn many-mazmun berdi.

Ýeri gelende bellesek, Moskwanyň Döwlet Tretýakow galereýasy dünýäniň iň iri çeperçilik muzeýleriniň biridir. Ol 1851-nji ýylda moskwaly täjir Pawel Tretýakow tarapyndan esaslandyrylyp, 1893-nji ýylda resmi taýdan jemgyýetçilik üçin açylypdyr. Tretýakow galereýasy Russiýanyň milli sungatynyň esasy muzeýi bolup, ol ýurduň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandyny açyp görkezýär. Häzirki wagtda bu çeperçilik toplumy XIX-XX asyrlaryň sungat eserleriniň 190 müňe golaýyny özünde jemleýär.

«Türkmenistan»
Moskwa ş.