Şu gün Moskwada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça möhüm resminama — Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnama gol çekildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, düýn — 9-njy iýunda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Moskwada rus kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler. Şolaryň jemleri boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirjek resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.