Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň arasynda gepleşikler geçirildi

10 Iýun 2022
776

Şu gün Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putin bilen duşuşdy. Uly Kreml köşgünde açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen ikiçäk gepleşikleriň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-rus gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Hazar ugry boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejedäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, taraplaryň owgan meselesine çemeleşmeleri, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmekde syýasy-diplomatik dialogy ilerletmek, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek nobatdaky gepleşikleriň esasyny düzdi. 

«Türkmenistan»
Moskwa ş.