GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Ýaş­lar par­la­men­ta­ra fo­ru­my

10 Iýun 2022
718

Aş­ga­bat, 9-njy iýun (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Ýaş­lar par­la­men­ta­ra fo­ru­my­na gat­naş­dy. Fo­rum Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de “Ýaş par­la­men­ta­ri­ler — Ar­ka­la­şy­gyň gel­je­gi­ne ga­ra­ýyş” at­ly şy­gar as­tyn­da geç­ýär. Bu çä­re iki şan­ly se­nä — GDA-nyň Par­la­men­ta­ra As­samb­le­ýa­sy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na hem-de onuň çäk­le­rin­dä­ki Ýaş­lar par­la­men­ta­ra as­samb­le­ýa­sy­nyň 10 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­lan­dy. Fo­rum GDA ýurt­la­ry­nyň par­la­ment­le­ri­niň we­kil­le­ri­ni, ýaş­lar par­la­men­ta­ra as­samb­le­ýa­sy­nyň ag­za­la­ry­ny, ýaş­lar jem­gy­ýet­çi­lik dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­ny bir ýe­re jem­le­di.

Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan GDA döw­let­le­ri bi­len iki­ta­rap­la­ýyn esas­da bol­şy ýa­ly, köp­ta­rap­la­ýyn esas­da hem, şol san­da par­la­ment­le­riň ug­ry bo­ýun­ça ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga üýt­gew­siz yg­rar­ly bol­mak bi­len, Ar­ka­la­şy­gyň çäk­le­rin­de dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­me­gi mak­sat edin­ýär. Ýur­du­myz hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne anyk go­şant go­şup we tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len üs­tü­ni ýe­ti­rip, bu ugur­da tek­lip­le­ri, şol san­da GDA-nyň yk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­gi­ni dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­na iş­jeň çek­mä­ge gö­nük­di­ri­len tek­lip­le­ri öňe sür­ýär. Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len paý­tag­ty­myz­da şu ýy­lyň maý aýyn­da ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Par­la­men­ta­ra fo­ru­my mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr.