Türkmen wekiliýetiniň agzalary Moskwada ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler

9 Iýun 2022
1213

Ertir — 10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrýar. Ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary şu gün Moskwa baryp, döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň saparynyň öň ýanynda iki ýurduň resmi wekilleriniň duşuşyklarynyň geçirilmegi gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada ýakyndan pikir alyşmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Hususan-da, türkmen wekiliýetiniň agzalary nebitgaz senagaty, maliýe-bank ulgamy, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, saglygy goraýyş, gurluşyk, bilim ulgamlary boýunça netijeli gepleşikleri geçirip, rus tarapynyň wekilleri bilen anyk teklipleridir täze taslamalary durmuşa geçirmegiň ýollary babatda jikme-jik pikir alyşdylar.

«Türkmenistan»
Moskwa ş.