Şu gün — 9-njy iýunda Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. 2-nji iýunda bolsa bu dostlukly ýurduň milli baýramy — Respublika güni giňden bellenildi. Biz Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luçiano GALLINIŇ şu şanly seneler mynasybetli redaksiýamyza ýollan makalasyny okyjylarymyza ýetirýäris.
2-nji iýunda biz Italiýa Respublikasynyň döredilýändigini yglan eden konstitusion sala salşygyň geçirilmeginiň 76 ýyllygyny belledik. 1946-njy ýylda italýan halky demokratiýa, adam hukuklaryna we azatlyklaryna esaslanýan Günbatar siwilizasiýasynyň gymmatlyklaryny ileri tutýan milleti döretmek üçin öz geljegini saýlady. Munuň özi Italiýanyň häzirki zaman taryhynda örän möhüm wakalaryň biri boldy. Ähli döwürlerde-de biziň ýurdumyz dürli howplara garşy göreşmekde, olardan baş alyp çykmakda durnuklylygyny görkezip geldi. Bu günki gün Italiýa dünýä giňişliginde syýasy taýdan hem, ykdysady taýdan hem öňdebaryjy döwletleriň birine öwrüldi.