Öňňin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul etdi.
Myhman wagt tapyp duşuşandygy üçin hoşallyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de diňe bir Ýer ýüzüniň depginli ösýän döwletleriniň biri bolman, eýsem, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa sebitindäki ygtybarly hyzmatdaşy hasaplanýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda bolup görmek mümkinçiligine örän şatdygyny belledi.