Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­na sa­pa­ry ta­mam­lan­dy

3 Iýun 2022
1820

Jid­da — Me­di­ne — Aş­ga­bat, 2-nji iýun. Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­na sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Me­di­ne şä­he­ri­ne bar­dy.

Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, düýn döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mu­kad­des Mek­ge şä­he­ri­ne — Mu­ham­met py­gam­be­riň Wa­ta­ny­na um­ra ha­jy­na bar­ýan äh­li zy­ýa­rat­çy­la­ryň ber­jaý et­me­li des­sur­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di. Şu ýer­de ýe­ne-de bir mö­hüm wa­ka­ny bel­läp geç­mek ýer­lik­li bo­lar. Iýun aýy­nyň 1-in­den 2-si­ne ge­çil­ýän gi­je­de, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň zy­ýa­ra­ty wag­tyn­da mu­kad­des Kä­bä­niň — Al­la­ta­ga­la­nyň öýü­niň ke­ra­mat­ly ör­tü­gi ser­pi­lip, mü­bä­rek ga­py­la­ry açyl­dy we onuň için­de na­maz oka­mak üçin örän seý­rek müm­kin­çi­lik dö­re­dil­di. Şeý­le-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowa mu­kad­des Kä­be­den ke­ra­mat­ly ny­şan ha­sap­lan­ýan te­per­rik gow­şu­ryl­dy.

www.tdh.gov.tm