Dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

1 Iýun 2022
638

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen ajaýyp şygar astynda geçýän ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmeginde uly ähmiýete eýe bolýar. Her bir günümiz şöhratly wakalara beslenip, buýsanjymyzy goşalandyrýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hem-de ýolbaşçylyk etmeginde şu ýylyň 12-nji maýynda paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk ýagdaýynda örän üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy, şeýle hem zenanlaryň dialogy dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken aýratyn ähmiýetli syýasy-jemgyýetçilik waka hökmünde taryha ýazyldy.

Tirkiş JUMADURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň dekany.