Beýik işleriň eýýamy

25 Maý 2022
741

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli künjeklerinde uly joşguna beslenip geçirilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllyk baýramçylygy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň bir bütewi, kuwwatly we gülläp ösýän döwlet hakynda hasyl bolan köp asyrlyk arzuwlarynyň barha rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezdi. Ýurdumyzyň durmuşyndaky bu möhüm ähmiýetli baýramçylyk günlerinde üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy, şeýle hem Zenanlaryň dialogy halkara derejesindäki aýratyn ähmiýetli syýasy waka hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Bu syýasy forumlaryň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilmeginiň hem özboluşly taryhy ähmiýeti bar.

Hormatly Arkadagymyzyň dünýäde parahatçylygy, abadançylygy pugtalandyrmakda, halkara derejesindäki ähli çylşyrymly meseleleri diplomatik ýollar arkaly çözmekde, durnukly ösüşleri üpjün etmekde amala aşyran beýik işleri bu günki günde özüniň ýokary netijelerini berýär.

Abdybaý ORAZOW,
Çärjew etrap kazyýeti.