«Aşgabadyň hormatly raýatydygyma buýsanýaryn»

25 Maý 2022
739

Walentina MATWIÝENKO,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy, Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty.

Men Türkmenistany, onuň gözel paýtagty Aşgabady söýýärin. Birnäçe ýyl ozal özüme «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen adyň berlenine diýseň buýsanýaryn. Türkmenistanda bolup geçýän ähli wakalara, özgertmelere yzygiderli syn edip, ýurduň üstünliklerine tüýs ýürekden begenýärin. Ýurt hem, onuň paýtagty Aşgabat hem örän çalt ösýär. Men Aşgabada öňki gezek bäş ýyl mundan ozal gelipdim, «Merkezi Aziýa — Russiýa» görnüşinde guralan Parlamentara foruma we zenanlaryň dialogyna gatnaşmak üçin ýakynda amala aşyran saparymyz bolsa şäheriň näderejede ösüp-özgerendigini has aýdyň görkezdi. Ak mermerli şäher ýaşaýjylaryň gözüniň öňünde gün-günden gülläp ösýär. Türkmenistanlylar öz paýtagt şäherlerine buýsanmaga haklydyrlar. Şäheriň köçelerindäki arassaçylyk, tertip-düzgün bada-bat ünsi çekýär. Şu babatda Aşgabadyň dünýäniň iň owadan şäherleri bilen hem mynasyp bäsleşip biljekdigini nygtamak isleýärin.