Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyrmagy iki doganlyk halkyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde täze badalga bolup hyzmat eder. Milli Liderimiziň Kazan şäherinde geçirilen «Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022» XIII halkara ykdysady sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirmegi, diňe bir halkymyzyň däl, eýsem halkara jemgyýetçiligiňde ünsüni özüne çekdi. Bu bolsa Garaşsyzlygymyzy berkitmekde we ýurdumyzyň abraýyny halkara derejede şöhratlandyrmakda, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren Gahryman Arkadagymyzyň geçirýän her bir duşuşygynyň, amala aşyrýan iş saparlarynyň uly gyzyklanma döredýändigini görkezýär.
Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň milli Liderimizi «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekmegi we ony saparyň çäklerinde gowşurmagy halkymyzda uly buýsanç hem guwanç döretdi. Çünki bu orden türkmen hoşgylawlylygynyň, dostanalygynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň nyşanydyr. Ol Gahryman Arkadagymyzyň halkara abraýynyň, mertebesiniň hemde şöhratynyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründede, beýleki dostlukly döwletler bilen birlikde, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde, dostdoganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly işleri bitirdi. Bu ýagdaý iki ýurduň arasyndaky ykdysadysöwda dolanyşygynyň ösüşinede täze badalga berdi.