Belent hormatyň nyşany

24 Maý 2022
725

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň guwançly wakalary, şatlykly habarlary kalbymyzy joşa getirýär. Şanly ýylyň tamamlanyp barýan maý aýynda şatlykly wakalardyr habarlaryň ençemesine şaýat bolmagymyzyň özi hem göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permany esasynda «Dostluk» ordeni, Gahryman Arkadagymyzyň bolsa, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglanmagy hem şeýle ajaýyp wakalardyr.

Ýeri gelende, şol wakalaryň öňüsyrasynda ak mermerli paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlarynyň dialogynyň geçirilmegi bütin dünýäde uly seslenme döredip, ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterendigini bellemek ýakymlydyr. Şol halkara çäreleriň ýokary derejede geçmeginde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bardyr.

Aman Amanow,
Tejen etrap, şäher kazyýetiniň kazyýet kätibi.