Türkmen-gazak gatnaşyklary giňeldilýär

23 Maý 2022
741

20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi.

Duşuşykda şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýän biziň ýurtlarymyzyň geçen ýyllaryň dowamynda nusgalyk döwletara hyzmatdaşlygy ýola goýandygy nygtaldy. Söhbetdeşler özara gyzyklanmany nazara almak bilen, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy bilen baglylykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, senagat we oba hojalyk ulgamlary esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu ulgamlardaky özara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, türkmen gazyny goňşy ýurda ibermek boýunça ylalaşyk gazanyldy.

"Nesil".