Türkmenistan — Tatarystan: dostluk, ynanyşmak, işjeňlik

20 Maý 2022
759

19-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde «Russiýa — yslam dünýäsi: Kazan Summit 2022» XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

Kazan şäheriniň Halkara howa menzilinden Gahryman Arkadagymyz sammitiň geçirilýän ýeri bolan «Kazan EKSPO» halkara sergi merkezine bardy. Forumyň çäklerinde «Kazan EKSPO» halkara sergi merkezinde giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy. Elektrik çekiş güýjünde işleýän döwrebap awtobuslaryň nusgalary milli Liderimiziň ünsüni çekdi. Hormatly Arkadagymyz görkezilen nusgalar bilen tanşyp, ekologik taýdan arassa bu awtobuslary ýurdumyz üçin satyn almaga gyzyklanma bildirdi.

"Nesil".