Üstünlikli hyzmatdaşlyk

20 Maý 2022
534

17-nji maýda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň esasy ugurlaryň ählisi boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Dostlukly goňşy döwletleriň arasynda işjeň syýasy gatnaşyklar alnyp barylýar, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk berkidilýär. Türkmen-gazak söwda-ykdysady gatnaşyklary, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär we berkidilýär, parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlary ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, özara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

«Nesil».