Gatnaşyklar ösdürilýär

20 Maý 2022
599

16-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda ýakynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň netijeleri barada gürrüň edildi.

«Nesil».