Işewür bilen duşuşyk

20 Maý 2022
686

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutlady hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şunda Russiýanyň holdinginiň Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.