Ilerleýän hyzmatdaşlyk: türkmen-gazak gatnaşyklary

20 Maý 2022
614

Berkarar döwletimiziň halkara derejesindäki gatnaşyklary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda has-da berkidilip, bähbitli hyzmatdaşlyklar ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen amala aşyrylýan oňyn bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan Arkadagly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli daşary syýasaty sebitde we dünýäde durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmekde özüniň oňyn netijesini berýär. Ýurtlaryň dostana gatnaşyklaryny pugtalandyrýar we halklaryň arasynda ählumumy abadançylygyny üpjün edýär.

Gazagystan Respublikasy bilen Türkmenistan diňe bir gury ýerde serhetleşmän, eýsem, Hazar deňziniň üsti bilen suw giňişligi arkaly hem serhetleşýär. Uzak geçmişiň dowamynda goňşulykda ýaşaýan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 2021-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda ýurdumyza döwlet saparyny amala aşyrmagy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berdi. Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we Hazar deňzindäki balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky şertnamanyň möhümdigi bellenildi. Iki dostlukly döwletiň Prezidentleri tarapyndan Hazar deňzinde Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň delimitasiýasy we balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk böleklerini araçäklendirmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda şertnama gol çekildi.

Magtym ÝANGIBAÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň agzasy.