Türkmenistan — Tatarystan: Russiýanyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi nazarlap

20 Maý 2022
1591

KAZAN, 19-njy maý. Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde «Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022» XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

Kazan şäheriniň Halkara howa menziline gelende, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Howa menzilinden Gahryman Arkadagymyz sammitiň geçirilýän ýeri bolan «Kazan EKSPO» halkara sergi merkezine ugrady. Soňky ýyllarda bu wekilçilikli forum Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň, özara bähbitli gatnaşyklaryň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň açyk halkara meýdançasyna öwrüldi.

www.tdh.gov.tm