Abraýy älemde ykrar Arkadag

19 Maý 2022
640

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde paýtagtymyzda üstünliklere beslenip geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň netijeleri döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm ädim boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda üstünlikli geçirilen bu forumda Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň «МПА СНГ. 30 лет» ýubileý medaly, Azerbaýjan Respublikasynyň «Hormatly aksakgal», «Ulu Türk» altyn ordenleri, şeýle hem «Ýer ýüzünde parahatçylyk üçin» milli baýragy bilen sylaglanmagy bagtyýar halkymyzda uly buýsanç döretdi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki taryhy eýýamda parlament diplomatiýasy parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň guraly bolmalydyr. Her bir geçirilýän halkara forumlarda, duşuşyklarda we maslahatlarda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, özara ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Häzirki wagtda ýurdumyz halkara gatnaşyklaryny üstünlikli ýola goýmakda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly pelsepäni işjeň durmuşa geçirýär. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde hem bu pelsepäniň ähmiýeti uludyr.

Gültäç NURYÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 22-nji orta mekdebiň mugallymy.