Işjeň gatnaşyklar pugtalandyrylýar

18 Maý 2022
622

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutlady hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtap, dürli ulgamlarda ýöriteleşen «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar topary bilen hyzmatdaşlygyň uly tejribesini kanagatlanma bilen belledi.