Aşgabatda zenanlaryň dialogy geçirildi

13 Maý 2022
1040

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda guralan bu çäre «Merkezi Aziýa — Russiýa» görnüşinde düýn geçirilen Parlamentara forumyň özboluşly dowamyna öwrüldi.

«Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly mowzuk boýunça öz işine başlan dialogyň plenar mejlisinde Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri çykyş etdiler. Onda jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny barada pikir alyşmalar guralyp, ähli ugurlarda gender deňliginiň üpjün edilişi, zenanlara durmuş goldawy hakynda milli tejribeler barada çykyşlara giň orun berildi.

«Türkmenistan»