Ilkinji parlamentara forum guramaçylykly geçdi

13 Maý 2022
806

Düýn Watanymyzyň paýtagty Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi. Ilkinji gezek geçirilýän bu foruma gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Talant Mamytow, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy, Duşenbe şäheriniň başlygy Rustam Emomali, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa ýurdumyza geldiler.

Forumyň dabaraly açylyşyndan soň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. «Parlament diplomatiýasy parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň guraly bolmalydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyz: «Sebit parahatçylygyny, durnuklylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam bermegi bilelikdäki işimiziň ileri tutulýan ugry hasaplaýaryn» diýip, bu forumyň geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigini belledi.

«Garagum».