Zenanlaryň taryhy ähmiýetli halkara dialogy

13 Maý 2022
846

Bu günki gün dünýäde zenanlaryň hukuklary we olaryň jemgyýetdäki orunlaryny ýokarlandyrmak babatda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan düýpli işler alnyp barylýar. BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagynyň derejesini ýokarlandyrmak we gender deňligini üpjün etmek babatda öňe sürýän meseleleriniň oňyn çözgütleri bu abraýly halkara guramasyna agza ýurtlaryň ösüşlerinde hem-de halkara gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýär. Bular bilen birlikde, zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, syýasy, ykdysady we durmuşy meselelerde oňyn çözgütleriň kabul edilmeginde olaryň ornuny ýokarlandyrmak ýaly ugurlar Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly mowzuk boýunça geçirilýän dialogynyň üns merkezinde bolmagy taryhy ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz: «Gözbaşyny gadymdan gelýän taryhy köklerden, ruhy-medeni gymmatlyklaryň, däp-dessurlaryň umumylygyndan alyp gaýdýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk doganlyk halklar bilen gatnaşyklaryň binýady bolup durýar. Biziň halklarymyzy köpasyrlyk taryhy kökler, hoşniýetli dostluk, doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar» diýip, bu dialoga gatnaşyjylara Ýüzlenmesinde belleýär.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
«Garagum».