Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy üstünlikli geçirildi

12 Maý 2022
780

«Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilýän Parlamentara forum we zenanlaryň dialogy däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykardy. Şu gün 12-nji maýda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyş etdi.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynda milli parlamentiň many-mazmunynyň we häsiýetiniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyny nygtady. Şeýle-de, ýurdumyzda parlamentiň işiniň yzygiderli ösdürilýändigini we san taýdan düzüminiň hem ep-esli giňeldilendigini giňişleýin beýan etdi.

«Güneş».