Gahryman Arkadagymyz abraýly sylaglar bilen sylaglanyldy

12 Maý 2022
1284

Şu gün geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň çäklerinde sylag gowşuryş dabarasy boldy. Onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa abraýly sylaglaryň birnäçesi berildi.

Hususan-da, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Ýaşulular geňeşiniň «Hormatly ýaşulusy» ordeni, şeýle-de «Azerbaýjan dünýäsi» halkara žurnalynyň we «Dede Korkut» Milli fondunyň «Uly türk» ordeni hem-de «Ýer ýüzünde parahatçylyk üçin» atly milli baýragy bilen sylaglanyldy. Foruma gatnaşmaga gelen Azerbaýjanyň wekiliýetiniň degişli agzalary Gahryman Arkadagymyza mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdylar.

«Türkmenistan»