«Aşgabat forumyndan möhüm netijelere garaşýarys»

11 Maý 2022
912

Şu gün — 11-nji maýda parahatçylygyň hem dost-doganlygyň mekany hasaplanýan ak şäherimiz Aşgabat Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşmaga gelen myhmanlary garşylady. Dostlukly ýurtlaryň parlamentarileridir ýokary döwlet wezipelerinde işleýän zenanlary, žurnalistler paýtagtymyzyň kaşaň myhmanhanalarynda ýerleşip, şäheriň gözel künjeklerine baryp gördüler.

Biz Aşgabat forumynyň ilkinji myhmanlarynyň käbirleri bilen gürrüňdeş bolup, olaryň bu ýokary derejeli çäreler baradaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandyk.

Ýazga geçirenler Aýgül RAHYMOWA, Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».