Gatnaşyklar berkidilýär

11 Maý 2022
679

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňňün Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarow bilen geçiren duşuşygynda iki goňşy döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary ösdürmek barada gürrüň edildi. Söhbetdeşler soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarda, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda kuwwatly ösüşe eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady we beýleki ugurlarda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, iki doganlyk halkyň dostlugyny, hoşniýetli goňşuçylygyny berkitmek üçin möhüm gural bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.