Ýürekden çykýan sözler

11 Maý 2022
752

12 — 13-nji maýda ak şäherimiz Aşgabatda möhüm syýasy waka Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy geçiriler. Düýn 11-nji maýda paýtagtymyzda bu halkara syýasy çärelerine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly myhmanlar asylly myhmansöýerlik däplerimize laýyklykda mähirli garşylandy we möhüm duşuşyklar geçirildi. Gözel paýtagtymyza halkara derejeli forumlara gatnaşmaga paýtagtymyza gelen myhmanlar ak şäherimiz Aşgabadyň täsin gözellikleri bilen hem ýakyndan tanyşdylar. Agşamlyk, myhmanlar Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda bolup, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby esasynda sahnalaşdyrylan «Ömür daragty» atly sahna eserine tomaşa etdiler. Biz hem, halkara forumyna gatnaşýan myhmanlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolduk:

Rahmon Dilşod Safarbek,
Täjigistan Respublikasynyň Milli mejlisiniň Oli Mejlisiniň Adamyň we raýatyň konstitusion esaslaryny, hukuk ýagdaýyny, hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek baradaky komitetiniň başlygy: