Dialog — parahatçylygyň kepili

10 Maý 2022
617

Ata Watanymyz dünýäde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilip, bu ýerde dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, myhmansöýerlik we ynsanperwerlik ýörelgeleri dabaralanýar. Munuň şeýledigini ak şäherimiz Aşgabatda 12-13-nji maýda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde sebitiň taryhynda ilkinji gezek geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy, şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy doly ykrar edýär.

Döwlet häkimiýetiniň kanunçykaryjy edarasy: häzirki zaman tejribesi we hyzmatdaşlyk; Lukmançylyk diplomatiýasy: tejribe alyşmak — öňe gitmegiň ynamly ýoly; Ekologiýa abadançylygynyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna sebit hyzmatdaşlygy diýen üç ugur bilen öz işini dowam etdirjek forum sebitde hyzmatdaşlygy goldamaga, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda syýasy, ykdysady we durmuş çygrynda parlamentara dialogynyň ornuna aýratyn ähmiýet bermäge, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde parlamentarilere giň mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilýär.

Akmaral WELIÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hünärmeni.