Parlament diplomatiýasy rowaçlanýar

10 Maý 2022
1048

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiz has-da rowaçlanýar. Eziz Diýarymyz halkara forumlaryň, duşuşyklaryň geçirilýän ýurdy hökmünde dünýäde uly abraýa eýedir.

Şu ýylyň 12 — 13-nji maýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçiriler. Munuň özi halkara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, parlament diplomatiýasynyň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirer.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.