Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

6 Maý 2022
669

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlar işleri baradaky agentliginiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň arasyndaky barha ösdürilýän hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýaşlar syýasatyna berilýän üns barada bellediler. Ýaşlar syýasaty ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler duşuşygyň esasy mazmunyny düzdi. Şunlukda, taraplar şu ýylyň 18—21-nji maýy aralygynda Özbegistan Respublikasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ýaşlar forumynyň işini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu forumyň türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýaşlar syýasaty ugruny ösdürmekde täze sepgit boljakdygy barada duşuşyga gatnaşyjylar bellediler. Mundan başga-da, taraplar maslahatyň barşynda ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, iki dostlukly ýurduň arasynda geçirilýän festiwallara, sergilere, ýarmarkalara, maslahatlara, simpoziumlara, seminarlara ýaşlaryň gatnaşygyny ösdürmegiň zerurlygy barada hem durup geçdiler.

Mähri AÇYLOWA,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmeni.