Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini kabul etdi

5 Maý 2022
1209

Aşgabat, 4-nji maý. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakalany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady.

www.tdh.gov.tm