Maksat — Aşgabady döredijilik şäherine öwürmek

2 Maý 2022
807

30-njy aprelde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynda Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek üçin hödürnamany taýýarlamak boýunça düzülen işçi toparyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa topara agza hökmünde saýlanan ugurdaş döwlet düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, degişli hödürnamany taýýarlamagyň esasy meseleleri we bu ugurda öňde durýan wezipeler bilen bagly çykyşlar diňlenildi.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 23-nji aprelde geçirilen nobatdaky mejlisinde Aşgabady «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak üçin meýilleşdirilen çäreler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetiniň 29-njy apreldäki sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde degişli hödürnamany taýýarlamak maksady bilen, ugurdaş döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat bolan topary döretmek teklibi hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi. Işçi toparyň ilkinji mejlisinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa şular barada aýdyp, ýurdumyzyň BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen düzümi bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini, milli hem-de umumadamzat gymmatlyklaryny goramaga, medeni-ynsanperwer ulgam arkaly ýurtlaryňdyr halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ilerletmäge ygrarlydygyny aýratyn nygtady.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».