Türkmen-hytaý gatnaşyklary ösdürilýär

29 Aprel 2022
718

26-njy aprelde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhäni kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga gönükdirilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berildi. Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek arkaly söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ýaly ugurlarda we başga-da birnäçe pudaklar boýunça gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, hytaý kompaniýalary amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýärler.

"Nesil".