Zenanlaryň dialogy — möhüm halkara çäre

28 Aprel 2022
878

Ministrler Kabinetiniň 22-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde maý aýynda meýilleşdirilen baýramçylyklaryň we halkara çäreleriň tertibine garalyp, olara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyna üns çekildi. «Taryhy ähmiýetli wakalara hem-de şanly senelere bagyşlanan çäreleriň hemmesi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, şolarda döwletimiziň umumadamzat ynsanperwer ýörelgelerine eýerýän parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli syýasatynyň many-mazmuny öz beýanyny tapmalydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Bellenilen möhüm çäreleriň hatarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumy hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy hem bar. Ony 12-13-nji maýda paýtagtymyzda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Altyn KAKAGELDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.