Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

26 Aprel 2022
925

Iki atdaşyň hyzmatdaşlygynyň miwesi 

Biziň söhbedimiz beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 45 goşgusyny özünde jemleýän şygyrlar ýygyndysyny 1912-nji ýylda Russiýanyň Astrahan şäherinde bir müň nusgada arap elipbiýinde neşir edip, halk köpçüligine hödürlän atdaşlar türkmen Abdyrahman Nyýazow (Nyýazy) bilen nogaý tatarlarynyň (garagaş nogaýlaryň) wekili Abdyrahman Umerow hakynda bolar. Dogry, türkmen kitabynyň çap ediliş taryhyndan görnükli hünärmen, taryh ylymlarynyň doktory, Almaz Ýazberdiýewiň ilkinji türkmen neşirçileriniň biri Abdyrahman Nyýazy hakynda deslapky maglumatlary toplap, çap edendigine garamazdan, bu şahs hakynda belli edilenler soňky wagtlara çenli onuň özüniň agzalan kitapda ýazanlaryndan känbir aňryk geçmeýärdi.

Myratgeldi SÖÝEGOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor.