Suw diplomatiýasy: daşary syýasatymyzyň möhüm ugry

25 Aprel 2022
759

23-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň çagyrmagy boýunça sanly ulgam arkaly dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine (APWS) gatnaşdy.

Kumamoto şäherindäki nobatdaky sammitiň esasy meselesi «Suw durnukly ösüş üçin: öňdebaryjy tejribeler we geljekki nesil» diýen ugra bagyşlanyp, döwlet hem-de Hökümet Baştutanlaryny, dürli ýurtlaryňdyr sebitiň iri halkara guramalarynyň ýokary wezipeli wekillerini bir ýere jemledi. Üçünji Suw sammitinde kabul edilip, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga gönükdirilen Ýapon Jarnamasynyň tekliplerini durmuşa geçirmegiň ugurlary hem-de suw serişdeleri bilen baglanyşykly dürli meseleler forumyň gün tertibine girizildi.

"Nesil".